2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary esasynda, ýurdumyzda şu ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, bu gezekki saýlawlar bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrýan demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2 müň 644 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermekleri hem guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si açylyp, olarda şu döwürde ýurdumyzyň çäginden daşarda bolýan watandaşlarymyzyň müňlerçesi öz seslerini berdiler. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyz boýunça geçirilen dört görnüşli saýlawlarda saýlawçylaryň sanawyna girizilen 3 million 496 müň 368 saýlawçydan 3 million 185 müň 935-si öz seslerini berdiler. Munuň özi Türkmenistanda ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 91,12 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.
Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Çykyş eden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary halkymyz tarapyndan görkezilen dürli milletleriň wekillerinden ybarat bolan halkyň saýlanan wekilleriniň bilim we hünär derejesine ýokary baha berdiler. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň gullukçylary, milli ykdysadyýetimiziň senagat, bilim, ylym, medeniýet we sungat pudaklarynyň hünärmenleri, oba hojalyk işgärleri bar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125–si saýlanyldy. Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgärden 240-sy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgärden 960-sy, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgärden 5897-si saýlanyldy.
Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreleriň hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede, öz wagtynda geçirilendigi bellenildi. Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 2855-si syn etdi. Şeýle-de, saýlawlaryň ähli tapgyrlarynda durmuşa geçirilýän çärelere syn etmäge Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan uzak möhletleýin gelen wekilçilikli toparynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we başga-da Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan baha beriş toparynyň, halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan bellenilen halkara synçylarynyň 80 -si syn etdi.
Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.
Mejlisiň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy, bu ýere ýygnananlara hem-de saýlawlara gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary, döwletiň demokratik esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berendikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...