Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, bu sapar hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany hökmünde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparydyr. Bu saparyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi buýsançly ýagdaýdyr.
Döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu gepleşikleriň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine Prezidentler ynam bildirdiler.
Ynanyşykly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra, iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminama-laryň uly toplumyna gol çekildi. «Kasri Millat» köşgüniň «Aýnaly» otagynda iki döwletiň Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň jemi 24-sine gol çekildi.
Döwlet saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Dusti» («Dostluk») meýdanyna baryp, täjik halkynyň milli gahrymany we täjik döwletini esaslandyryjy Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Samanidler döwletiniň esaslandyrylmagynyň 1100 ýyllygy mynasybetli 1999-njy ýylda gurlan bu ýadygärligiň göni arkasynda ýerleşýän bina bilen bilelikdäki umumy beýikligi 43 metre deňdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň we Milli Majlisiniň Başlyklary bilen hem duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, Oli Majlis (Ýokary Ýygnak) iki palatadan: aşaky — Namoýandagon Majlisinden (Wekiller palatasyndan) hem-de ýokarky — Milli Majlisden (Milli Geňeşden) ybaratdyr.
11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Hökümet kabulhanasynyň «Mejlisler» zalynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Duşenbe şäheriniň etegindäki dag içinde ýerleşýän «Takob» kabulhanasyna bardy.
Täjigistanyň tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Ýurduň çäklerinde birnäçe goraghanalar, köp sanly köller we derýalar bar. Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany Takob jülgesiniň gözel ýerlerini synlamaga çagyrdy. Ajaýyp künjek boýunça guralan gezelenç mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Iki döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolan söhbetdeşlikde milli mirasy gorap saklamagyň, ýurtlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmegiň hem-de goramagyň zerurdygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa täsin syýahatçylyk ugurlaryna eýe bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly desgalaryny özünde jemleýär hem-de bu pudagy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň, hususan-da, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamaga yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine içgin üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar iki dostlukly döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berjek täze taryhy sahypany açar.
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...