TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

02 Iýun

Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan täze döredilen Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda öňde boljak  saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň  tertibi, has takygy,  saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada düşündirildi.

Şeýle-de, maslahatda 24-nji maýda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek we 3-nji iýunda başlanjak dalaşgärleri bellige almak möwsümi bilen baglanyşykly, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary bellige almagyň tertibi we saýlaw resminamalarynyň, saýlaw býulletenleriniň görnüşleri, şeýle hem degişli saýlaw toparlary tarapyndan ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamalary düzmegiň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.

Geňeşler ýerli öz ­ özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar.

Okuw maslahatynda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw toparlarynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...