TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

19 Sent

Umumy geljegiň bähbidine gatnaşyklaryň täze sahypas

Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýy­lyň 14-15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça, Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz konsultatiw duşuşykda eden çuň manyly çykyşynda: Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär diýip nygtady.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda, ýagny 15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Araly halas etmegiň halkara gaznasy sebit ýurtlarynyň Liderleri tarapyndan esaslandyrylyp, 1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda  döredildi.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan hem diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine-de işjeň ýardam berýär.

Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär.

Sammitde hormatly Prezidentimiz çykyşynda şeýle diýdi: Türkmenistan halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýar. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirilýän oňyn işleri bilen berkidýär.

Şeýle-de, 2023-nji ýy­lyň 14-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyrdy. 

Dostlukly häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz günüň ikinji ýarymynda «Kasri Millat» köşgüne bardy. Ol ýerde Täjigistanyň döwlet Baştutany çykyş edip, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly hyzmatlary bitirendigi üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dabaradaky çuň manyly taryhy çykyşynda özüne bu ýokary sylagyň  gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, hemmeleri hormatly Prezidentimiz—Arkadagly Serdarymyzyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramyna çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran bu taryhy saparynyň, hoşniýetli gatnaşyklary öňe sürýän ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň halkara derejesinde belende göterilýändiginiň hem-de ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny ýakymly duýgular we buýsanç bilen bellemek isleýäris.

13 Mart
Täze keramiki önümleri kärhanasy işe girizildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwer...

04 Mart
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

27 Few
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky w...

21 Few
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 18–21-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek...

03 Few
Milli sirk sungatymyz dünýäde dabaralanýar

2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...

28 Ýan
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...

27 Ýan
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...

23 Ýan
Türkmenistan–Monako: dostlukly gatnaşyklarda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...