2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň we saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriň habarlary esasynda, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň üç saýlaw okrugynda geçirilen saýlawlar demokratik ýörelgeler esasynda, bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli saýlaw işine degişli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 60 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00-a çenli guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem öňünden ses bermek çäresi 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirildi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň sanawyna girizilen 86 müň 641 saýlawçydan 79 müň 121-si öz seslerini berdiler. Munuň özi saýlawlarda ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 91,32 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.
Mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň saýlaw saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, geçirilen saýlawlarda saýlaw okruglarynyň 3–sinde hem bir orna üç dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilendigini görkezýär. Netijede, 9 dalaşgäriň arasynda, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köplügini alan dalaşgärleriň 3-si Mejlisiň deputatlygyna saýlandy.
Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde ilatyň dykgatyna ýetiriler.
Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy syn etdi.
Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.
Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, Aşgabat şäherinde saýlaw okruglarynyň üçüsinde Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...