TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar.

Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy we öňe sürýän anyk başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň mysalydyr.

Dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdylanda, ol dürli ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi, iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň iri sebitleridir subýektleri, şol sanda möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi Sankt-Peterburg şäheri bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar hem esasy ugurlaryň hataryndadyr. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri taraplaryň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmagy hem munuň nobatdaky anyk güwäsidir.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Buzly köşgüň eýwanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Olimpiýa zalyna bardylar.

RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, daşary ýurtly kärdeşlerini ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň nobatdaky güwäsidir.

Ynsanperwer ulgam hem GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Medeni özara baglanyşyk, ýurtlarymyzyň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlygy, umumy taryh Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň berk binýady bolup çykyş edýär.

Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, ýowuz uruş ýyllarynda biziň halklarymyz frontda we tylda taýsyz gahrymançylyk, edermenlik görkezdiler. Arkalaşygyň ýurtlarynda bu gahrymançylygy hemişe hatyralaýarlar.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...