Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleriň oňyn netijeleri bolsa täze önümçilik toplumlarynyň döremegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.
Munuň şeýledigine şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, 8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna önüm öndürmäge niýetlenen kärhana ýurdumyzyň senagat ähmiýetli önümçilik desgalarynyň üstüni ýetirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş, ýurdumyzyň döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy tarapyndan umumy meýdany 6 gektara barabar bolan önümhanada gurluşygy alnyp barlan täze önümçilik toplumynda göwrümi 5 millimetrden 3000 millimetre çenli dürli ölçegli çüýşeleriň 50 töweregi görnüşi öndüriler. Şolaryň hatarynda azyk önümlerini gaplamak üçin reňkli we reňksiz çüýşeleriňdir banka önümleri, reňkli we reňksiz gaplyk çüýşe önümleri, şeýle hem lukman- çylyk serişdeleri üçin gaplyk çüýşeler bar. Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän «IS» enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. Şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär bu peçlerde gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowadylýar. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär.
Daşary ýurt döwletleriniň innowasion tehnologik enjamlary ornaşdyrylan döwrebap önümhanada önümçilik üçin kwars çägesi, dolomit, hek daşy, natriý sulfaty, kömür ýaly ýerli çig mallar ulanylar. Täze önümhananyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlarynyň 300-e golaýy döredildi. Bu ýerde işgärleriň zähmet çekmekleri üçin ähli önümçilik, durmuş şertleri döredilendir.
Dabaranyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass Industries», Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň, Italiýanyň «Bottera» kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan täze önümhana güwänamalary gowşuryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň ýolbaşçysyna sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Şeýlelikde, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde açylyp, ulanmaga berilen täze önümhana ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlan-dyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, şeýle-de öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga we olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...