TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

28 Few

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň dalaşgärleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy. 

Milli parlamentiň deputatlygyna jemi 284, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri, dürli ýaşly we hünärli, dürli milletiň wekilleri bar. 

Dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukukly esaslarda hödürlenildi, olary hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmeginde açyk häsiýete eýe boldy. 27-nji fewralda syýasaty partiýalara we raýatlar toparlaryna wekilçilik edýän dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw möwsümini beýan etmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan gününden başlap, 2018-nji ýylyň 23-nji martyna çenli dowam eder. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary ähli ýerlerde geçirilýär. 

Saýlawçylar bilen geçirilýän gyzykly hem-de açyk söhbetdeşligiň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň geljekde geçirilmegi göz öňünde tutýan işleri baradaky sowallaryna esaslandyrylan jogaplary berýärler. Dalaşgärler watandaşlarymyzyň özlerine başarnykly hem-de hakyky watançylar hökmünde bildirýän ynamyny ödejekdiklerine ynandyrýarlar. 

Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan adamlaryna, teklipçi toparlara wagyz işlerini erkin geçirmäge şert döredilýär. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirilýär. 

Saýlawlara halkara we milli synçylaryň gatnaşmagy bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň açyklyk we aýanlyk ýagdaýda geçirilmegine ýardam berer. 

Soňky aýlaryň dowamynda geçirilen uly işler, işjeň tapgyra gadam basan saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda guralýandygy, ýurdumyzyň deputatlarynyň täze düzüminiň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda geçiriljekdiginiň ygtybarly subutnamasydyr.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...