TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

09 Noý

Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty

Merkezi Aziýanyň merjen şäheri saýylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň her güni haýran galdyryjy täsinliklere beslenýär. Şu ýylyň  1-10-njy noýabry aralygynda geçirilýän bu dünýä çempionaty Zeminiň agyr atletikaçylarynyň arasyna täze-täze atlary goşmagy dowam edýär. Bu çempionatdan soň, paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adynyň Ýer ýüzündäki meşhurlygy has-da artar. Dünýäniň agyr atletika sportunyň taryhyna müdimilik giren Aşgabat çempionaty barada meşhur türgenler hoşallyk sözlerini öwran-öwran gaýtalap, dillerinden asla  düşürenoklar.

Bu halkara sport çäresi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksada okgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapandygynyň, şeýle-de Aşgabadyň dünýäde ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň özboluşly subutnamasy boldy.

Bu çempionata gatnaşmak üçin yklymyň we dünýäniň agyr atletika boýunça çempionlary, şeýle hem olimpiadalaryň ýeňijileri biziň paýtagtymyza geldiler. Şolaryň arasynda dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Rejepbaý Rejebow (Türkmenistan), dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Kristina Şermetowa (Türkmenistan), dünýäniň iki gezek çempiony Çiraphan Nanzawong (Tailand), dünýä çempiony Thunýa Suksaroen (Tailand), dünýä çempiony Sopita Tanasan (Tailand), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň çempiony Sukanýa Srisurat (Tailand), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Hidilin Diaz (Filippinler), Aziýanyň we Uniwersiadanyň çempiony Hsing-Çun Kuo (Hytaý Taýpeýi), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Pimsiri Sirikaew (Tailand), ýaşlaryň arasynda Ýewropanyň we dünýäniň çempiony Rebeka Koha (Latwiýa), Aziýa oýunlary - 2018-iň çempiony Hýo Sim Kim (KHDR), ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony Un Sim Rim (KHDR), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi Sara Ahmed (Müsür), dünýä çempionaty - 2017-niň bürünç medalynyň eýesi Marta Ann Rojers (ABŞ), olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony Ýong Sim Rim (KHDR), dünýä  çempiony Leidy Solis (Kolumbiýa), dünýäniň üç gezek çempiony Neisi Daýomes Barrera (Ekwador), dünýä çempionatynyň medallarynyň ähli görnüşiniň eýesi we Ýewropanyň dört gezek çempiony Lidia Walentin Perez (Ispaniýa), ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempiony Hui Ao (Hytaý), London - 2012 olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, Ýewropanyň 7, dünýäniň 4 gezek çempiony  Tatýana Kaşirina (Russiýa), London - 2018 olimpiýa oýunlarynyň altyn, Rio - 2016-nyň bolsa kümüş medalynyň eýesi Ýun Çol Om (KHDR), dünýä çempiony Fransisko Moskuera (Kolumbiýa) bar.

Dünýä ýyldyzlarynyň köpüsiniň gatnaşmagynda geçirilýän bu dünýä çempionaty her gün diýen ýaly garaşylmadyk netijelere, dartgynly çekeleşiklere eýe bolýar. Bu çempionat dünýä birinjiliginiň taryhynda ilkinji gezek ýaryşlaryň 20 sany agram derejesinde geçirilýänligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu çempionat geljekde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazanmagyň ýolundaky ilkinji ädimdir.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler hem-de bu abraýly ýaryşlaryň guralmagyna gatnaşýanlar, myhmanlar we janköýerler üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 500-e golaýynyň meýletinçileriň hatarynda hereket etmegi bu halkara çäresiniň has guramaçylykly geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde-de talyplaryň halkara tejribe toplamagyna giň mümkinçilik berýär.

Dünýä çempionatynyň geçirilişini giňden beýan etmek üçin türkmen, iňlis we rus dillerindäki web-saýtlar döredildi. Mundan başga-da, ýaryş baradaky maglumatlar «Euronews» teleýaýlymynda we dünýäniň 145 döwletiniň teleýaýlymlary arkaly ýaýradylýar.

Bu çempionatda dünýä rekordlarynyň onlarçasy täzelenildi. Aşgabatdaky dünýä çempionaty her geçen gün täze rekordlar bilen begendirmegini dowam etdirýär.

21 Ýan
Saýlaw möwsümi yglan edildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasynda laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary kabul edildi. Şol karara laýyklykda, ýurdumyzdaky...

10 Ýan
Saýlawlaryň güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda ýurdumyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda we gura...

27 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion huk...

11 Dek
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri Ermenistan Respublikasynyň Parlamentiniň (Milli ýygnagynyň) 2018-nji ýylyň 9-njy dekabrda geçirilen nobatdan da...

05 Dek
Zeminde Bitaraplyk baýramçylygy!

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasyny...

09 Noý
Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty

Merkezi Aziýanyň merjen şäheri saýylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň her güni haýran galdyryjy täsinliklere beslenýär. Şu ýylyň  1-10-njy noýa...

07 Noý
Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi

Milli Liderimiz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy hemme taraplaýyn ösdürmek, özgertmek bilen bagly ulgamlaýyn meýilnamalara giň gerim, badalga berýär. Şol ulgamlaýyn işleriň netijesinde diňe b...

17 Sent
Hormatly Prezidentimiziň Akhan diýen aty dünýä rekordyny goýdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan daba...