Merkezi Aziýanyň merjen şäheri saýylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň her güni haýran galdyryjy täsinliklere beslenýär. Şu ýylyň 1-10-njy noýabry aralygynda geçirilýän bu dünýä çempionaty Zeminiň agyr atletikaçylarynyň arasyna täze-täze atlary goşmagy dowam edýär. Bu çempionatdan soň, paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adynyň Ýer ýüzündäki meşhurlygy has-da artar. Dünýäniň agyr atletika sportunyň taryhyna müdimilik giren Aşgabat çempionaty barada meşhur türgenler hoşallyk sözlerini öwran-öwran gaýtalap, dillerinden asla düşürenoklar.
Bu halkara sport çäresi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksada okgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapandygynyň, şeýle-de Aşgabadyň dünýäde ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň özboluşly subutnamasy boldy.
Bu çempionata gatnaşmak üçin yklymyň we dünýäniň agyr atletika boýunça çempionlary, şeýle hem olimpiadalaryň ýeňijileri biziň paýtagtymyza geldiler. Şolaryň arasynda dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Rejepbaý Rejebow (Türkmenistan), dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Kristina Şermetowa (Türkmenistan), dünýäniň iki gezek çempiony Çiraphan Nanzawong (Tailand), dünýä çempiony Thunýa Suksaroen (Tailand), dünýä çempiony Sopita Tanasan (Tailand), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň çempiony Sukanýa Srisurat (Tailand), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Hidilin Diaz (Filippinler), Aziýanyň we Uniwersiadanyň çempiony Hsing-Çun Kuo (Hytaý Taýpeýi), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Pimsiri Sirikaew (Tailand), ýaşlaryň arasynda Ýewropanyň we dünýäniň çempiony Rebeka Koha (Latwiýa), Aziýa oýunlary - 2018-iň çempiony Hýo Sim Kim (KHDR), ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony Un Sim Rim (KHDR), Rio - 2016 olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi Sara Ahmed (Müsür), dünýä çempionaty - 2017-niň bürünç medalynyň eýesi Marta Ann Rojers (ABŞ), olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony Ýong Sim Rim (KHDR), dünýä çempiony Leidy Solis (Kolumbiýa), dünýäniň üç gezek çempiony Neisi Daýomes Barrera (Ekwador), dünýä çempionatynyň medallarynyň ähli görnüşiniň eýesi we Ýewropanyň dört gezek çempiony Lidia Walentin Perez (Ispaniýa), ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempiony Hui Ao (Hytaý), London - 2012 olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, Ýewropanyň 7, dünýäniň 4 gezek çempiony Tatýana Kaşirina (Russiýa), London - 2018 olimpiýa oýunlarynyň altyn, Rio - 2016-nyň bolsa kümüş medalynyň eýesi Ýun Çol Om (KHDR), dünýä çempiony Fransisko Moskuera (Kolumbiýa) bar.
Dünýä ýyldyzlarynyň köpüsiniň gatnaşmagynda geçirilýän bu dünýä çempionaty her gün diýen ýaly garaşylmadyk netijelere, dartgynly çekeleşiklere eýe bolýar. Bu çempionat dünýä birinjiliginiň taryhynda ilkinji gezek ýaryşlaryň 20 sany agram derejesinde geçirilýänligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu çempionat geljekde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazanmagyň ýolundaky ilkinji ädimdir.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler hem-de bu abraýly ýaryşlaryň guralmagyna gatnaşýanlar, myhmanlar we janköýerler üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 500-e golaýynyň meýletinçileriň hatarynda hereket etmegi bu halkara çäresiniň has guramaçylykly geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde-de talyplaryň halkara tejribe toplamagyna giň mümkinçilik berýär.
Dünýä çempionatynyň geçirilişini giňden beýan etmek üçin türkmen, iňlis we rus dillerindäki web-saýtlar döredildi. Mundan başga-da, ýaryş baradaky maglumatlar «Euronews» teleýaýlymynda we dünýäniň 145 döwletiniň teleýaýlymlary arkaly ýaýradylýar.
Bu çempionatda dünýä rekordlarynyň onlarçasy täzelenildi. Aşgabatdaky dünýä çempionaty her geçen gün täze rekordlar bilen begendirmegini dowam etdirýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...