TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

05 Dek

Zeminde Bitaraplyk baýramçylygy!

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle mazmunly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Şondan bäri 12-nji dekabrda  diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem tutuş Ýer togalagynda Bitaraplyk güni ruhubelent ýagdaýda bellenilip geçilýär. Munuň özi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň Zemin içre özboluşly goldaw tapmasy we dabaralanmasy bolup ýaňlanýar. Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplygyň biziň halkymyza beren egsilmez bagty barada bu gün ýene bir gezek pikir öwürmek örän ýerliklidir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sözüň doly manysynda özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Öz döwründe Şweýsariýa, Belgiýa, Awstriýa ýaly döwletler Bitaraplyk derejesine eýe bolupdylar. Ýöne olaryň bu derejä eýe bolmaklary sebitiň döwletleriniň şol döwürlerde alyp baran syýasatlarynyň netijesinde emele gelen taryhy ýagdaý bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bitaraplyk derejesiniň dürli-dürli görnüşleri bolup, olaryň hersiniň many-mazmuny aýratyn özboluşlydyr. Mysal üçin, Şweýsariýa bilen Awstriýa berlen Bitaraplyk derejesi hemişelik häsiýete eýedir. Şwesiýa berlen Bitaraplyk derejesi bolsa, uzak möhleti öz içine alýan şertnamalaýyn, adaty mazmunlydyr. Ikinji jahan urşundan soň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwletleriň emele gelmegi bolsa pozitiw, ýagny harby we syýasy bileleşiklere goşulmazlyk syýasatyny alyp barmak bilen baglanyşykly häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy  diňe bir sebitiň döwletleriniň goldamagy esasynda däl-de, eýsem BMG-niň agza döwletleriniň 193-siniň biragyzdan goldamagy bilen baglanyşyklydygy üçin, özboluşly nusgawy häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Gadymy Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary üçin hem örän peýdalydyr. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi. Şunda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan adyl içeri we daşary syýasatyna örän uly orun degişlidir.  Hut şonuň üçin hem 2015-nji ýylyň  3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi gaýtadan ykrar edildi.  Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetiniň örän uludygynyň gaýtadan tassyklanylmasydyr. 

Bu günki dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýar. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Öz gözbaşyny türkmeniň hüý-häsiýetinden, edim-gylymyndan, däp-dessuryndan, medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň Ýer ýüzüne giňden dabaralanýandygyny döwür aýdyň subut edýär.

Merkezi saýlaw topary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň zähmetsöýer halkyny her ýylyň 12-nji dekabrynda diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem tutuş Ýer ýüzünde giňden  bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýar!

21 Mart
Türkmenistanda saýlawlar boýunça öňünden ses bermek möwsümi başlandy

21-nji martda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, degişli saýlaw okruglarynda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk...

06 Mart
Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde...

02 Mart
Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi tamamlandy

Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi 2019-njy ýylyň 28...

27 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar wekiliýetini...

27 Few
Uçastok saýlaw toparlary bilen okuw maslahatlary geçirildi

Ýurdumyzda 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 23-26-njy fe...

26 Few
Wagyz işleri dowam edýär

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 31-nji martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň ç...

22 Few
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty geçirildi

Ýurdumyzda şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi...

19 Few
Okuw maslahatlary geçirildi

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara ta...