
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle mazmunly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Şondan bäri 12-nji dekabrda diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem tutuş Ýer togalagynda Bitaraplyk güni ruhubelent ýagdaýda bellenilip geçilýär. Munuň özi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň Zemin içre özboluşly goldaw tapmasy we dabaralanmasy bolup ýaňlanýar. Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplygyň biziň halkymyza beren egsilmez bagty barada bu gün ýene bir gezek pikir öwürmek örän ýerliklidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sözüň doly manysynda özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Öz döwründe Şweýsariýa, Belgiýa, Awstriýa ýaly döwletler Bitaraplyk derejesine eýe bolupdylar. Ýöne olaryň bu derejä eýe bolmaklary sebitiň döwletleriniň şol döwürlerde alyp baran syýasatlarynyň netijesinde emele gelen taryhy ýagdaý bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bitaraplyk derejesiniň dürli-dürli görnüşleri bolup, olaryň hersiniň many-mazmuny aýratyn özboluşlydyr. Mysal üçin, Şweýsariýa bilen Awstriýa berlen Bitaraplyk derejesi hemişelik häsiýete eýedir. Şwesiýa berlen Bitaraplyk derejesi bolsa, uzak möhleti öz içine alýan şertnamalaýyn, adaty mazmunlydyr. Ikinji jahan urşundan soň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwletleriň emele gelmegi bolsa pozitiw, ýagny harby we syýasy bileleşiklere goşulmazlyk syýasatyny alyp barmak bilen baglanyşykly häsiýete eýedir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy diňe bir sebitiň döwletleriniň goldamagy esasynda däl-de, eýsem BMG-niň agza döwletleriniň 193-siniň biragyzdan goldamagy bilen baglanyşyklydygy üçin, özboluşly nusgawy häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Gadymy Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary üçin hem örän peýdalydyr. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi. Şunda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan adyl içeri we daşary syýasatyna örän uly orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi gaýtadan ykrar edildi. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetiniň örän uludygynyň gaýtadan tassyklanylmasydyr.
Bu günki dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýar. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Öz gözbaşyny türkmeniň hüý-häsiýetinden, edim-gylymyndan, däp-dessuryndan, medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň Ýer ýüzüne giňden dabaralanýandygyny döwür aýdyň subut edýär.
Merkezi saýlaw topary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň zähmetsöýer halkyny her ýylyň 12-nji dekabrynda diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem tutuş Ýer ýüzünde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýar!
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...