TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

09 Okt

Uçastok saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy boýunça uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guramaçylykly geçirilýär. Bu çäreleriň kanuna laýyklykda we bellenilen möhletlerde amala aşyrylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek.

Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistan boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 2604-si: şol sanda Ahal welaýatynda 364-si, Balkan welaýatynda 272-si, Daşoguz welaýatynda 523-si,  Lebap welaýatynda 559-sy, Mary welaýatynda 548-si, Aşgabat şäherinde bolsa 299-sy döredilipdi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredilipdi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller ýurdumyzdaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.

Raýatlar topary tarapyndan uçastok saýlaw toparynyň düzümine wekiller hödürlenilen halatynda, raýatlaryň şol ýygnagyna degişli saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan ýa-da işleýän saýlawçylaryň azyndan otuzysy gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde saýlaw uçastoklary boýunça uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri giň gerimde dowam edýär.

Mundan başga-da, oktýabr-noýabr aýlarynda uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek bilen bagly meýilleşdirilen işler etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň täze düzümini döretmek we tassyklamak; uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin şahsyýetnamalary taýýarlamak we olary gowşurmak; uçastok saýlaw toparlarynyň birinji mejlislerini geçirmek; uçastok saýlaw toparlarynyň täze düzümi barada ilaty habarly etmek ýaly birnäçe çäreler bilen utgaşyp gider.

13 Noý
Türkmeniň hasyl toýy

1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymy...

29 Okt
Uçastok saýlaw toparlary döredilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly dowam etdirilý...

18 Okt
Dünýä ýaň salan geňeşiň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi...

09 Okt
Uçastok saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr...

03 Okt
2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkar...

11 Sent
Sanlaşdyrmak boýunça halkara maslahaty

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Saýlaw işleriniň sanlaşdyrylmagy. Gumanitar ölçegler»...

16 Awg
Iň uly ekologiýa sapagy

Şu ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sa...

06 Awg
Birinji Hazar ykdysady forumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu  foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz...