TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

29 Okt

Uçastok saýlaw toparlary döredilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu barada gürrüň bermegini sorap, biz  Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti Hekimberdi ÖWEZOWA ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:

– Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletleri tamamlandy.

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu çäreleriň kanuna laýyklykda we bellenilen möhletlerde amala aşyrylýandygyny aýratyn belläp geçmek zerur.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň – Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar guramasynyň, Ýaşlar  guramasynyň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi. Has takygy, Türkmenistanyň demokratik partiýasy tarapyndan 4831, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 367, Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 1451, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan 4625, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan 2934, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan 1808, Raýatlar toparlary tarapyndan 1518 adam agzalyga hödürlendi.

Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilner. Uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Häzirki güne çenli ýurdumyzyň çäginde saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2568-si hereket edýär. Şol saýlaw uçastoklarynda, uçastok saýlaw toparlarynyň 17534 sany agzasy bar. Has takygy, Ahal welaýatyndaky 364 saýlaw uçastogynda 2117, Balkan welaýatyndaky 272 saýlaw uçastogynda 1578, Daşoguz welaýatyndaky 523 saýlaw uçastogynda 3232, Lebap welaýatyndaky 559 saýlaw uçastogynda 3657, Mary welaýatyndaky 548 saýlaw uçastogynda 4125, Aşgabat şäherindäki 302 saýlaw uçastogynda 2825 agza bar.

Uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenip, saýlanan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda zähmet çekýän hem-de Türkmenistanda agzybir ýaşaýan dürli milletlerden ybarat wekilleriň, şeýle-de zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy, ýurdumyzda bir maksada, ýagny diňe il-ýurt bähbidine eýerýän syýasy köpdürlüligiň kemala gelendigini aýdyň görkezýär.

 

     – Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

               Gürrüňdeşligi ýazga geçiren A. AKMYRADOW.

13 Noý
Türkmeniň hasyl toýy

1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymy...

29 Okt
Uçastok saýlaw toparlary döredilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly dowam etdirilý...

18 Okt
Dünýä ýaň salan geňeşiň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi...

09 Okt
Uçastok saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr...

03 Okt
2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkar...

11 Sent
Sanlaşdyrmak boýunça halkara maslahaty

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Saýlaw işleriniň sanlaşdyrylmagy. Gumanitar ölçegler»...

16 Awg
Iň uly ekologiýa sapagy

Şu ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sa...

06 Awg
Birinji Hazar ykdysady forumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu  foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz...