TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

06 Few

Okuw maslahatlary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde merkezi saýlaw toparynyň guramagynda okuw maslahatlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary barada durup geçmek bilen, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak bu saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 2-3-nji fewralynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlawlary geçirmekde usulyýet kömegini bermek maksady bilen, ýerlerde okuw maslahatlary geçirildi.

Okuw maslahatynyň  barşynda saýlaw toparlarynyň agzalary hereket edýän kanunçylyga girizilen  üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, saýlawlary geçirmegiň, dalaşgärleri hödürlemegiň we bellige almagyň, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň  düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Ses berilýän jaýda - saýlaw uçastogynda ses bermeklik we sesleri sanamak işini ýokary derejede guramak bilen bagly bolan anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem okuw maslahatlarynda çykyş edenler saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

« Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Watany!» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar ýurdumyzyň syýasy durmuşynda milli Liderimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan demokratik ýörelgeleriň mundan beýläk hem has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...