Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde merkezi saýlaw toparynyň guramagynda okuw maslahatlary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary barada durup geçmek bilen, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak bu saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 2-3-nji fewralynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlawlary geçirmekde usulyýet kömegini bermek maksady bilen, ýerlerde okuw maslahatlary geçirildi.
Okuw maslahatynyň barşynda saýlaw toparlarynyň agzalary hereket edýän kanunçylyga girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, saýlawlary geçirmegiň, dalaşgärleri hödürlemegiň we bellige almagyň, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Ses berilýän jaýda - saýlaw uçastogynda ses bermeklik we sesleri sanamak işini ýokary derejede guramak bilen bagly bolan anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem okuw maslahatlarynda çykyş edenler saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
« Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar ýurdumyzyň syýasy durmuşynda milli Liderimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan demokratik ýörelgeleriň mundan beýläk hem has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...