TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

05 Dek

Saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek işleri dowam edýär

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2016-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda kabul eden 15-nji karary esasynda, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Şol meýilnamanyň 19-njy bölümine laýyklykda, welaýat, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek işlerine 2016-njy ýylyň 19-njy noýabrynda başlanyldy we ýerlerde guramaçylykly geçirildi. Häzirki wagtda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek işleri Aşgabat şäherinde başlanyp, okuw maslahatlarynda olara saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň kanunçylyk düzgünleri giňişleýin düşündirilýär.

29 Maý
Türkmen halysynyň baýramy

Türkmen halysy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungaty saýylýar.  Bu  sungat nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýe...

06 Apr
Bütindünýä saglyk güni

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňl...

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...

24 Few
Hoş habar

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza...

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...