Türkmenabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy. Şu mynasybetli S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatryna ýerli häkimiýetiň düzümleriniň, kärhanalaryň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.
Duşuşygyň başynda B.Atalyýewiň ynanylan wekili ýygnananlary “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň düzüminde dürli jogapkärli wezipelerde iş tejribesi bolan, soňra bolsa “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy bolan dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär abraýdan we uly ynamdan peýdalanýar hem-de ýokary döwlet wezipesine mynasyp dalaşgär bolup durýar.
Soňra dalaşgär B.Atalyýew ýakyn wagtda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň wajyp ähmiýetini belledi. Ýurdumyzyň geljegi saýlawlaryň netijesine bagly bolar. Dalaşgär döwlet Baştutany wezipesine saýlanan halatynda ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.
Maksatnamanyň ýygnananlara hödürlenen esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden hem-de halk hojalyk toplumynyň ösüşine we pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýan telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr.
B. Atalyýew geljekde Türkmenistanyň garaşsyz, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligindäki ägirt uly abraýyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýandygyny nygtap, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam berýän täze taslamalary, sebitleri ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn orun berilýän döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirip, giň göwrümli özgertmeleri dowam etmek pikiri barada aýtdy.
Dalaşgär duşuşyga gatnaşanlaryň sowallaryna jogap berip, maksatnamasynyň käbir ugurlaryny giňden düşündirdi hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, bazar gatnaşyklary esasynda milli ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, döwletimiziň hukuk esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...