1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň ygtybarly binýadyny berkitmäge öz uly goşantlaryny goşdular. Bu uly zähmet üstünligi hormatly Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň zähmetiniň ykdysady taýdan höweslendirilmegine gönükdirilen aladalary netijesinde gazanyldy.
Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem girişdiler. Olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.
Gallaçylarymyz hem şu ýyl Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, uly üstünlik gazandylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem ussatlyk bilen bol hasyl ýetişdirmegi başardylar.
Milli Liderimiziň türkmen pagtaçylaryny we ähli oba hojalyk işgärlerini zähmet ýeňşi we Hasyl toýy bilen gutlanda: «Mähriban topragymyzdan alnan bol hasyl Watanymyzyň baýlygydyr, halkymyzyň rysgalydyr» diýip, aýratyn nygtap bellemegi, «Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permany bolsa, oba zähmetkeşleriniň topraga bolan söýgüsini, bol hasyl almaga gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.
Şu ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna hem badalga berildi. Türkmen halkynyň ruhubelentliginiň subutnamasyna, joşgunly zähmetiň baýramçylygyna öwrülen bu dabara tutuş ýurdumyz boýunça guramaçylykly geçirildi.
Ählihalk bag ekmek dabarasy ekologiýa abadançylygyny saklamagyň hatyrasyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli we yzygiderli geçirilýän işiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...