"Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!" diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek işleri şu günler giň gerim bilen dowam edýär. Bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek hukugyna eýe bolan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary öz mejlislerinde mynasyp dalaşgärleri hödürleýärler.
Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar, raýatlar toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyndaky wekilleriniň üsti bilen hödürläp bilýärler.
Mejlislerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy bellärliklidir.
Geçirilýän mejlislerde çykyş edenler dalaşgärlige hödürlenilýäniň ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, mejlisleriň dowamynda dalaşgärleriň çäklendirilmedik sanynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsleşlik şertlerinde açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçjekdigini aňladýar.
Häzirki güne çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň jemi 75 hödürlenildi. Şolardan: Ahal welaýat boýunça 15, Balkan welaýat boýunça 15, Daşoguz welaýat boýunça 7, Lebap welaýaty boýunça 15, Mary welaýaty boýunça 12, Aşgabat şäheri boýunça 11 dalaşgär hödürlenildi.
Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanyar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...