TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Ýan

Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär — Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy

Duşuşyk Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. 

Duşuşykda raýatlar topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň durmuş ýoly, şahsy we iş häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, ynanylan wekil tarapyndan M.Annanepesowa oňat guramaçylyk ukyplary hem-de işjeň raýat garaýşy bolan mynasyp, ynsaply we ygtybarly adam hökmünde häsiýetnama berildi. 

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. Dalaşgär geçen ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetde, durmuş we medeniýet ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara abraýynyň örän ýokarlanandygyny nygtap, ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda özeninde “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge duran häzirki amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleri hemmetaraplaýyn giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini belledi. 

M.Annanepesow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny häsiýetlendirip, birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň çözülmegi Türkmenistanyň has-da depginli ösmegini, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi, ilkinji nobatda, sebitleriň senagat taýdan ösüşini çaltlandyrmak, senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebitgaz we beýleki pudaklaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, gaýtadan işleýji, taýýar önümleri çykarýan döwrebap zawod-fabrikleri gurmak we beýlekiler bilen baglanyşyklydyr. 

Dalaşgäriň çykyşynda obasenagat toplumyna aýratyn üns berildi. Ilkinji nobatdaky çäreleriň hatarynda oba hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, obada täze önümçilik gatnaşyklaryny döretmek, ýerleri hakyky eýelerine — ekerançylara bermek, daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekerançylykda hususy ýyladyşhana hojalyklaryna ýöriteleşen daýhan birleşikleri döretmek we goldamak hem-de beýlekiler durýar. Umuman, bularyň ählisi Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagy hem-de içerki bazarlarda bolçulygy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

M.Annanepesow bu ýere ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir düzgünlerini giňişleýin düşündirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär üns berendikleri we gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallyk bildirip, saýlawçylary ähli güýjüni hem-de bilimini döwletimizi has-da ösdürmegiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine gaýgyrmajakdygyna ýene-de bir gezek ynandyrdy.

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...