Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan eýýamy boldy. Bu täze taryhy eýýamda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär.
Mälim bolşy ýaly, 20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Maslahat köşginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň ikiçäk duşuşygy boldy.
Milli Liderimiz şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belledi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilmegine zerur üns berilýär.
Ikiçäk duşuşygyň dowamynda Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini belläp, öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň noýabrynda Seulda geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiriň doly goldanylýandygyny belledi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň uly goşandy bar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlugy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge berýän şahsy ünsi üçin oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen netijeli duşuşyk üçin sagbolsun aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. Soňra Gahryman Arkadagymyz dabaraly ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo «Bitaraplyk» ordenini gowşurdy.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ýokary döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň özüni täze ýeňişlere ruhlandyrýandygyny belledi.
Täze eýýamda ýurdumyzda parlamentara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açmaga badalga berip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göteren hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...