TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

31 Iýul

Saýlanylan geňeş agzalaryna şahsyýetnama gowşuryldy

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary köppartiýalylyk, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler esasynda, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, guramaçylykly geçirildi.

Aba Annaýew şäherçesinde geçirilen saýlawlarda geňeş agzalygyna saýlanylanlara şäherçe saýlaw topary tarapyndan şahsyýetnama gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem Saýlaw kodeksine we «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, saýlanan geňeş agzalarynyň birinji mejlisi geçirildi.

Geňeşler ýerli öz-­özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar.

Bu saýlawlar, milli demokratiýamyzyň özboluşly rowaçlanmasynyň akabasy hökmünde, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan täze Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary   demokratik saýlawlar bolup, eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna girer.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 5-si saýlandy.

Şahsyýetnama gowşurmak çäresinde saýlanan geňeş agzalary çykyş edip, öz saýlawçylarynyň bildiren ynamyny ödemek üçin yhlas etjekdiklerini, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar.

Geňeş agzalarynyň birinji mejlisinde bellenilişi ýaly, saýlanylan  agzalaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, täze taryhy şertlerde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerine hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň we iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun degişlidir. Şeýle hem mejlisde geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryna girýän wezipeleri çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi we guramaçylyk meselesine seredildi.

Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlanylanlaryň arasynda ýaş geňeş agzalarynyň bolmagy ýurdumyzda ýaş nesillere bildirilýän belent ynamyň saýlaw ulgamynda-da öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Saýlanan agzalar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – ata Watanymyzda saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine uly üns berip, erkin, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýan ruhubelent türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize – Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...