Maryda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.
M.Kemine adyndaky döwlet drama teatryna sebitiň jemgyýetçiliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, dürli edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri ýygnandylar. Dalaşgäriň ynanylan adamy ýygnananlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony iş başarjaň, pähimli ýolbaşçy, dogruçyl we ak ýürekdi adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Duşuşyga gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, D.Orazow olary özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy bölekleri bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwletiň ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlaryny pugtalandyrmaga alnan ugry dowam etmekçi bolýar.
Dalaşgäriň mälim etmegine görä, ol döwlet Baştutanlygyna saýlanan halatynda parahatçylyk dörediji we işjeň daşary syýasy strategiýany mundan beýläk hem amala aşyrmaga we ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky meýilleri barada aýtmak bilen, D.Orazow obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň, şeýle hem obasenagat toplumynda hususy ulgamyň, şol sanda kiçi we orta kärhanalaryň ähmiýetini ýokarlandyrmagyň onuň maksatnamasynyň strategiki wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Dalaşgäriň pikirine görä, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi gönüden-göni ylym bilen, hususan-da, pagta we bugdaý hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen dünýä ölçeglerine laýyklykda iş alyp barýan ylmy-barlag institutlarynyň işi bilen baglanyşyklydyr.
Dalaşgär esasy wezipeleriň hatarynda welaýatlaryň senagat taýdan ösüşini tizleşdirmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy, ýerlerdäki önümçilik güýçleriniň ýokary netijeli peýdalanylmagyny we senagatyň dürli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy görkezdi.
Saýlawçylaryň ýerlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny giňeltmegiň geljegi we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap berip, D.Orazow öz maksatnamasynyň käbir bölümlerini has-da jikme-jik düşündirdi.
Ýygnananlara üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär Garaşsyz döwletimiziň ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan, gülläp ösýän ýurt hökmünde abraýyny pugtalandyrmak üçin özüniň gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...