Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, kanuna we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplandy.
2014-nji ýylda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, olar täzeden döredildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, uçastok saýlaw toparlaryny döretmek boýunça degişli işleri guramaçylykly amala aşyrmak üçin, Merkezi Saýlaw topary tarapyndan 2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.
Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilner. Uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň-Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginin, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi.
Has takygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 4831;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 367;
Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 1451;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 4625;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 2981;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 1808;
Raýatlaryň toparlaryndan 1523.
Häzirki güne çenli ýurdumyzyň çäginde saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi sany 2568. Şol uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 17586 sany wekil agzalyga hödürlendi. Şol sanda:
Ahal welaýatynda 364 saýlaw uçastogyna 2169 agza;
Balkan welaýatynda 272 saýlaw uçastogyna 1578 agza;
Daşoguz welaýatynda 523 saýlaw uçastogyna 3232 agza;
Lebap welaýatynda 559 saýlaw uçastogyna 3657 agza;
Mary welaýatynda 548 saýlaw uçastogyna 4125 agza;
Aşgabat şäherinde 302 saýlaw uçastogyna 2825 agza.
Saýlaw uçastoklarynyň köpüsi bilim edaralarynyň we beýleki edara-kärhanalaryň binalarynda ýerleşýär. Has takygy:
Ýokary okuw jaýlarynda 17 saýlaw uçastogy 181 agza;
Ýörite orta, hünärment mekdeplerinde 39 saýlaw uçastogy 361 agza;
Orta mekdeplerde 1499 saýlaw uçastogy 10691 agza;
Çagalar baglarynda 213 saýlaw uçastogy 1572 agza;
Medeniýet edaralarynda 175 saýlaw uçastogy 1148 agza;
Saglygy goraýyş edaralarynda 64 saýlaw uçastogy 449 agza;
Geňeşleriň edaralarynda 90 saýlaw uçastogy 526 agza;
Beýleki edara-kärhanalarda 471 saýlaw uçastogy 2658 agza.
Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 43,45 % zenanlardyr. Bilimi boýunça 52,05 % ýokary, 31,13 % ýörite orta, 16,82 % orta bilimli adamlardyr. Şeýle hem agzalaryň 75,53 % göteriminiň ýaşynyň 30-dan 50-ä çenlidigini bellemek ýerliklidir, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze nesliň goşulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Täze saýlanylan agzalaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň senagat, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat, durmuş üpjünçiligi, maliýe we ykdysadyýet pudaklarynda zähmet çekýän işbaşarjaň, guramaçy hünärmenler we oba hojalyk işgärleri bar. Şolaryň 60 % gowragy ylym, bilim ulgamynda işleýän raýatlarymyzdyr. Şeýle hem ýurdumyzda agzybir ýaşaýan, dürli milletleriň, has takygy: türkmen, azerbaýjan, buluç, başgyr, ermeni, pars, gazak, garagalpak, koreý, özbek, rus, tatar milletleriniň wekilleri hem bar. Bu bolsa olaryň öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek saýlawlara işjeň gatnaşjakdyklaryny aňladýar.
Ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara ölçeglerine laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler hem-de bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýy...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...