Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem tutuş dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simwoliki manysy bardyr. Çünki, ýylyň şeýle atlandyrylan pursadyndan başlap, dünýä halklarynyň ünsi parahatlygyň, dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mekany saýylýan Bitarap Türkmenistana gönükdi.
Bitaraplygyň mekany saýylýan Türkmenistanda şu günler ähli ulgamlarda işler sazlaşykly alnyp barylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege tarap ynamly gadam urýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň kalbynda döredijilikli zähmet gaýnap joşýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, has takygy, durmuşyň ähli ugurlarynda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejedäki üstünlikleri gazanmak bolsa biziň baş wezipämizdir. Türkmen ykdysadyýetini täze — 2020-nji ýylda hem bedew bady bilen ösdürmegi niýet edinýän hormatly Prezidentimiziň her bir tutumynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň giňden baýram ediljek 2020-nji ýylynda-da uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdygy ikuçsuzdyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, 2020-nji ýylda hem, goý, biziň ýurdumyza uly-uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri ýar bolsun!
Merkezi saýlaw topary hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny täze — 2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan her bir tutumynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...