Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy, rysgal-berekediň sakasy hasap edilýär.
2009-njy ýylda Nowruz baýramçylygynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy dünýä halklarynyň medeni mirasynyň has-da baýlaşmagyna getirdi.
Dünýäniň ençeme döwletleriniň Nowruz gününi halkara baýramçylygy hökmünde belläp geçmek baradaky başlangyjy 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy. Şondan bäri her ýylyň 21-nji martynda Nowruz güni halkara derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
Halkara Nowruz baýramynyň 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda guramaçylykly geçirilmegi sebitdäki döwletleriň dostlukly gatnaşyklarynyň, şeýle hem parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasy boldy.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda geçirilýän Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk ýörelgelerini tassyk edýän dabara hökmünde bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasat bilen belleýşi ýaly, Milli bahar baýramy – Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...