Ahal welaýatynda bolan saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew bilen bolan duşuşygy saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäräni dowam etdi. Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen duşuşyga sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
B.Atalyýewiň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşýanlary Senagatçylar we telekesiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehalynyň esasy pursatlary bilen tanyşdyryp, ony guramaçylyk ukyplaryny we hünär ussatlygyny görkezen, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra dalaşgär B. Atalyýew saýlawçylaryň ünsüni özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyna çekdi. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny häzirki we geljekki nesilleriň bähbidi üçin netijeli peýdalanmaga niýetlenen köpugurly durmuş-ykdysady maksatnamalary dowam etmäge meýlini äşgär edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär ýurduň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň dürli ugurlaryny açyp görkezdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we ösen ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň eksporta gönükdirilen pudaklarynyň kuwwatyny giňeltmek, gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak we beýlekiler bilen baglanyşykly ugurlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.
Sowallara jogap berip, B.Atalyýew “Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllarda daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyna” laýyklykda, biziň ýurdumyz dünýäniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, ykdysady, halkara-hukuk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barar diýip belledi. Şeýle hem gyzykly söhbetdeşlikde ilaty bilim we saglygy goraýyş, medeniýet we sport, durmuş taýdan goldamak, obada ýaşaýyş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça çäreler toplumy barada hem gürrüň edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...