Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň degişli wekiliýetiniň agzalary 2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrdylar. Şol ýerde geçirilen «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine bardy. Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitiniň plenar mejlisine gatnaşyp, onda çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň başynda Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, «Russiýa — yslam dünýäsi» halkara ykdysady sammitiniň Kazanda geçirilmeginiň Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Tatarystana aýratyn ornuň degişlidigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.
Ýeri gelende bellesek, bu wekilçilikli forum Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda soňky ýyllarda açyk halkara meýdança öwrüldi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Tatarystanyň ýokary döwlet sylagy bolan «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni gowşuryp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýokary döwlet sylagyna Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzy bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...