TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

18 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew Daşoguzda saýlawçylar bilen duşuşdy

Şu gün Daşoguzda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatryna sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, dürli kärhanalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýönekeý zähmetkeşler gatnaşdylar. Dalaşgäriň ynanylan adamy bu ýere ýygnananlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol dalaşgäri teklipçil, sowatly ýolbaşçy we ak ýürekli hem-de ilat arasynda uly abraýdan peýdalanýan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra saýlawçylara özüniň maksatnamasy barada gürrüň bermek bilen, J.Annaýew Türkmenistanyň halkyň bähbidini ileri tutýan ykykdysady ösüşiň belentliklerini nazarlaýan syýasy ugruny dowam etmäge mynasyp goşant goşjakdygyny ynandyrdy. Ýokary döwlet wezipesine saýlanan pursatynda tutuş ilatymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ylmy, bilimi ösdürmek, ýaşlary Watana hem-de halkyna bolan söýginiň ruhunda terbiýelemek onuň işiniň maksatnamanyň esasy ugurlary bolar. Halkara gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, ol parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar hem-de döwletimiziň ýokary halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendiren Bitaraplyk syýasatynyň yzygiderli dowam etmegini gazanjakdygyny belledi.

Ýurdumyzyň yzygiderli we okgunly ykdysady ösüşi boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtmak bilen, J.Annaýew häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ýurdumyzyň senagat hem-de ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň geljegi barada aýdyp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ozalkysy ýaly tebigy gazyň eksport ugurlarynyň artdyrylmagyna, dokma pudagynyň, aragatnaşyk ulgamynyň, durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi.

Oba hojalygy pudagyndaky özgertmeler barada aýtmak bilen, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda meýilleşdiren çäreler barada jikme-jik gürrüň berdi. Hususan-da, pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň döredilmegine ähmiýet berler, bu bolsa öz gezeginde oba hojalyk önümlerini öndürijilere amatly ykdysady şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Şunlukda, telekeçilik işine, şol sanda bazarlaryň we söwda dükanlarynyň et hem-de et önümleri bilen elýeterli bahadan üpjün edilmegini şertlendirýän telekeçilik işine goldaw berler.

Dalaşgäriň pikirine görä, oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ylym, hususan-da, pagtanyň we bugdaýyň tohumçylygy, beýleki gök ekerançylyk bilen dünýä ülňülerine laýyk derejede meşgullanýan ylmy-barlag institutlary bilen berk baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň dürli ugurlara degişli - bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet, syýahatçylyk, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we ösüp barýan ýaş nesliň terbiýesi babatynda sowallaryna jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda D.Annaýew saýlawçylary milli demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, jemgyýetiň agzybirligi, medeni mirasy aýawly saklamak, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ruhy gymmatlyklarymaza daýanyp, ähli göz öňünde tutulan maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...