Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýylyň ahyrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy
Ýokary derejedäki duşuşyga Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri we Ermenistan Respublikasynyň Premýer ministri gatnaşdy.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde ählumumy maksatlary, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerini nazara almak esasynda Arkalaşygyň döwletleri bilen işjeň gatnaşýar. Birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan gatnaşyklar taryhyň dowamynda emele gelen dostlugy, ynanyşmagy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, sebit we halkara derejedäki wajyp taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyny, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin pugta esas bolup hyzmat edýär.
Asla biziň ýurdumyz uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky» Jarnamanyň kabul edilmegi munuň şeýledigine aýdyň mysal bolup durýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň hut ýokarda agzalan Jarnamanyň esasy ýörelgelerine esaslanýandygyny bolsa, buýsanç bilen aýratyn bellemek gerek.
Elbetde, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde, GDA-nyň halkara synçylar wekiliýetleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara yzygiderli gatnaşýandyklaryny, hususan-da, Arkalaşygyň halkara synçylarynyň şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn edip, oňa ýokary baha berendiklerini hem nygtamak zerurdyr.
Umuman, tamamlanyp barýan 2022-nji ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli amala aşyryldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy.
Şeýlelikde, bu resmi däl duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna umumy gyzyklanma bildirilýän halkara derejesindäki birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Sankt-Peterburgda geçirilen sammitde GDA-nyň döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...