TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

10 Ýan

Dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň täze tapgyry

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. 

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany hökmünde täze ýylda amala aşyran ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Bu diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýlan senesinden bäri, Aşgabat we Pekin döwletara gatnaşyklaryň has netijeli nusgasyny işläp taýýarlamagy başardylar. Munuň özi taraplaryň milli bähbitlerini hem-de türkmen we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazara almak bilen, öňde durýan wezipeleriň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Taryhyň jümmüşine ser salsak, biziň halklarymyzy dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary baryp Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri baglanyşdyrýar.

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda üçin köpri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, medeni gatnaşyklar üçin hem ýol açdy. Bu ýol türkmenleriň hem-de hytaýlylaryň ykbalynda ägirt uly orun eýeledi, bu täsin tejribäniň mirasdüşerleri hem-de dowam etdirijileri bolan biziň häzirki şertlerde hyzmatdaşlygy ösdürmegimiz, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmagymyz şol döwürleriň dowamatlylygyny üpjün etmek üçin berk binýat boldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa sebitine aýratyn orun degişlidir. Şunda syýasy hyzmatdaşlygyň täze «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary işjeň­leşdirmek, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuň­laşdyrmak bilen bagly meseleler türkmen- hytaý gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 16-syna gol çekilmegi saparyň örän netijeli bolandygyny tassyklaýar. «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakyndaky hökümetara Ähtnama bolsa bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler

Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşdy.

Soňra günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Hytaýyň Milli muzeýine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Hytaý halkynyň baý sungatyny we geçmiş taryhyny aýawly saklamak, wagyz etmek maksady bilen döredilen dünýädäki iri muzeýiň aýratynlyklary hem-de onda saklanýan täsin gymmatlyklar barada gürrüň berildi. Häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli Hytaýyň ösüşiniň esasy taryhy döwürlerinden söz açýan gymmatlyklaryň bir milliondan gowragy saklanýar.

Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we ägirt uly mümkinçilikleri amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...