Şu gün Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Bu ýere ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işçileri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly il ýaşululary we ýaşlar ýygnandylar.
Duşuşygyň barşynda dalaşgäriň ynanylan wekiline söz berildi. Ol ýygnananlary M.Annanepesowyň zähmet ýolywe göreldeli şahsy häsiýetleri bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäri ýurduna we halkyna ak ýürekden hem-de wepaly gulluk edýän oňat ýolbaşçy we açyk ýürekli raýat hhökmande häsiýetlendirmek bilen, dalaşgäriň wekili lebaply saýlawçylary onuň üçin ses bermäge çagyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentinyň wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. Ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, M.Annanepesow olary özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy. Maksatnama laýyklykda, ol halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, döwletiň ykdysady, seýasy we durmuşy esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ugry dowam etdirmekçi bolýar.
Türkmenistanyň Prezidentligine saýlaşlar boýunça geçirilýän bu çäreleriň ähli tapgyrlarynyň biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde milli demokratiýa, adam hukuklary boýunçaýörelgeleriň berjaý edilýändigine doly güwä geçýändigini, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde gazanylýan görlüp-eşidilmedik üstünlikleriň ýurdumyzyň syýasy we durmuş esaslaryny has hem pugtalandyrýandygyny dalaşgär belent ruhubelentlik we uly buýsanç bilen belledi.
Dalaşgäriň aýtmagyna görä, ol döwlet baştutanlygyna saýlanan halatynda, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga, düýpli özgertmeleri geçirmäge we milli ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mundan beýläk hem abadanlaşdyrylmagyna birinji nobatda üns bermekçi bolýar.
Saýlawçylaryň, hususan-da, Lebap welaýatyny ösdürmegiň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly sowallaryna jogap berip, M.Annanepesow senagat we medeni-durmuş maksatly wajyp desgalaryň ençemesiniň gurmak, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sporty ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek barada göz öňünde tutýan maksatlaryny aýtdy.
Gündogar welaýatyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny hasaba almak bilen, ulag infrastrukturasyny mundan beýläk hem ösdürmäge, hususan-da, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň taslamasyny tamamlamaga uly ähmiýet berler.
Mähirli garşylandyklary üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip,Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär özüne bildirilen ynamy ödejekdigine we ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşamagy üçinähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...