Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Adam hakyndaky alada, halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar.
Ýakynda paýtagtymyzyň «Parahat—7» ýaşaýyş toplumynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary üçin gurlan, ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlary Mejlisiň deputatlary üçin gurlan ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş jaýynda döredilen amatlyklar bilen tanyşlygyň dowamynda Mejlisiň deputaty B.Hajymämmedowyň maşgalasynyň göçüp gelen öýüne bardy.
Gahryman Arkadagymyz täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalany goşa toý bilen gutlady we öýüň otaglarynyň ýerleşdirilişi, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, aşhanasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar maşgalanyň agzalary toý saçaklaryny giňden ýazyp, myhmanlary güler ýüz bilen garşyladylar. Şeýle hem olar özleriniň döwrebap ýaşaýşy babatda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...