TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

18 Iýul

Wagyz möwsüminiň çäklerinde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

Mälim  bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary  geçiriler. Şu günler bu möhüm syýasy çäre bilen baglanyşykly wagyz işleriniň çäklerinde, bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary guramaçylykly dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, badalga alan möhletinden öň ses bermek işleri hem guramaçylykly geçirilýär.

Şu ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Аba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly we milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen, ähli dalaşgärlere öz maksatnamalaryny saýlawçylara wagyz etmekde deň şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.

Dalaşgärler saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini geçirmek üçin  berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklaryndan peýdalanyp, öz saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşýarlar. Dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklarynda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly olaryň terjimehaly bilen giňden tanyşmaga hem mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda dalaşgärler saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, olary özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdyrýarlar.

Dalaşgärler saýlawçylaryň özlerine bildiren ynamyny ödemek üçin yhlas etjekdiklerini, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerini ynandyryp,  saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler. Bu duşuşyklara milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Şeýle hem saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen,  saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlaw hukukly raýatlar saýlaw hukuklaryndan peýdalanyp, saýlawlar gününden öň ses bermekleri üçin hem şertler döredildi.    

Wagyz  möwsümi şu ýylyň 22-nji iýulyna çenli dowam eder.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...