TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

06 Noý

Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý sammiti

Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýy­lyň 3-nji noýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly, goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Gazagystanda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy ýubileý sammitine gatnaşdy.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly sebit we halkara guramalary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

«Türki döwür» şygary astynda geçirilen şu gezekki sammit guramanyň giň gerimli gün tertibini ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Onuň esasy maksady türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, umumy taryhy-medeni mirasyň hem-de umumy diliň esasynda sebitde parahatçylyga, durnuklylyga ýardam bermekden ybarat boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan «Akorda» köşgüne bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady we «Gündogar» otagda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda geçirilen 10-njy ýubileý sammitinde Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi. «Bu gün syýasy gatnaşyklar Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ýokary derejede alnyp barylýar. Biziň döwletlerimiz birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde netijeli özara hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýle ysnyşykly gatnaşyklar häzirki özboluşly zamanda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek isleýärin. Bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketler dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, goldaw bermegiň esasynda ulgamlaýyn ösdürilýär. Umuman, durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» taýýarlanylmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda: «Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde gatnaşyklarymyz ýokary derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda belleniljek meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris. Biz bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki halklar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýäris. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi öňümizdäki ýylda ýurdumyzda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýaryn» diýip aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň örän ähmiýetli waka bolmak bilen, türki dilli döwletleriň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi we hemmelere ýokary jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...