TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

10 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň baştutanlarynyň nobatdaky sammiti

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly, goňşy ýurt bolan Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Özbegistanda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşdy.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň YHG-nyň 15-nji sammitine başlyklyk etmeginiň çäklerinde,  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda —Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi we onda söwda, ulag, kommunikasiýalar, energetika, durmuş taýdan ösüş, howanyň üýtgemegi we beýleki ulgamlar gatnaşyjy ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezine bardy. Ol ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Soňra Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew açylýan mümkinçilikleri hem-de geljek üçin bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

  Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň  başlyklyk etmeginde «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilen nobatdaky sammite Prezidentler Ilham Aliýew, Seýed Ebrahim Raisi, Sadyr Žaparow, Emomali Rahmon, Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdylar. Şeýle-de, foruma Premýer-ministr Alihan Smailow Gazagystan Respublikasyndan we Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar ul-Hak Kakar Pakistan Yslam Respublikasyndan wekilçilik etdiler. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri hem gatnaşdy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň 16-njy sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. «Şu günki ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşleriň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde geçirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ol wehimleriň çylşyrymly häsiýetdedigine garamazdan, şol bir wagtda, täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

«Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine aýratyn üns berýär» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň, Gara deňziň portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meselelerini geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürdi, olara YHG-nyň käbir ýurtlary hem gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu guramanyň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işleri giňeltmäge çagyrdy. «Men, öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra YHG-nyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň Başlygy wezipesine saýlamagy teklip etdi.

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...