Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda, paýtagtymyzda halkara derejesinde iri sport ýaryşlary yzygiderli we guramaçylykly geçirilýär.
Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik döretdi.
Ýeri gelende aýtsak, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde derejesini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy hökmünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli ýaryşlary guramak bilen, Olimpiýa hereketiniň giňeldilmegine hem-de wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly goşant goşýar.
2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Basa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna 53 ýurtdan 500-e golaý adam gatnaşdy.
Bu ýaryşda erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda: «Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir. Pälwanlary taýýarlamakdaky baý tejribesini Beýik Ýüpek ýoly boýunça dünýä ýaýradyp, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr» diýip belleýär.
Häzirki günlerde hem türkmen milli göreş sungaty milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda, toýlarymyzyň-baýramlarymyzyň bezegi bolup, barha kämilleşýär. Şonuň bilen birlikde, göreşiň beýleki görnüşlerine, ýagny kuraş görnüşine hem uly üns berilýär.
Ýurdumyzda 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň döredilmegi bilen, başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi okgunly ösdürilýär. Urgulary, agyrdyjy tilsimleri ulanmak gadagan edilen guşakly göreşiň bu görnüşi XX asyrdan başlap tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe boldy.
Türkmen türgenleri Kuraş boýunça halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, şu gezekki Aşgabatda geçirilýän dünýä birinjiligine çenli, umumylykda, 2 altyn, 7 kümüş we 12 sany bürünç medal gazanyp, hormat münberine 21 gezek çykmagy başardylar.
Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda-da türkmen türgenlerimiz üstünlikli, şowly çykyş etdiler. Şeýlelikde, ýaryşyň jemleýji netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç, jemi 15 medal gazandylar.
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýy...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...