TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

08 Dek

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 7-8-nji dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Konstitusion özgertmeler we saýlaw ulgamy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata daşary ýurtlaryň merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň deputatlary, alymlar, merkezi saýlaw toparynyň bilermenler geňeşiniň agzalary, maýyplaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek boýunça iş topary, birnäçe döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli geçirilen «Konstitusion özgertmeler we saýlaw ulgamy» atly halkara ylmy-amaly maslahata online tertibinde gatnaşyp, maslahata gatnaşyjylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparyny gutlady.

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...