TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Dek

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti

Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peterburg şäherinde däp bolan her ýylyň ahyrynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini we umumy maksatlary nazara almak bilen ýola goýýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly ýurdumyz GDA giňişligindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Nobatdaky sammite Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri we Ermenistan Respublikasynyň Premýer ministri gatnaşdy.

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagty bolan Sankt-Peterburg şäheriniň gözel ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, «Pawlowsk» döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki «Sarskoýe selo» döwlet muzeý-goraghanasynyň, «Petergof» döwlet muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen giňişleýin tanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Pawlowsk» döwlet muzeý-goraghanasy toplumyna bardy. Ol ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän «Kongresler köşgi» döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşykda çykyş edip, şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berdi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryny kesgitledi. Umuman, 2023-nji ýyl Arkalaşyk üçin örän netijeli boldy. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde garap, yzygiderli esasda anyk teklipleri öňe sürýär. Bu babatda olaryň halkara we sebit guramalarynyň meýdançalaryndaky işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyga, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna garalanda we kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärlere ses berlende özara goldaw bermegiň ýola goýlan tejribesi bellenilmäge mynasypdyr.

Ýakynda — 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Arkalaşyk boýunça hyzmatdaş ýurtlar şol resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, GDA agza ýurtlaryň arasynda ulgamlaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmegiň zerurdygy bellenildi.

Umuman, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli resmi däl görnüşdäki bu duşuşyk GDA gatnaşyjy ýurtlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar, özara bähbitlilik we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak esasynda bilelikde ösdürmäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

03 Few
Milli sirk sungatymyz dünýäde dabaralanýar

2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...

28 Ýan
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...

27 Ýan
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...

23 Ýan
Türkmenistan–Monako: dostlukly gatnaşyklarda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...

14 Ýan
Belent maksatly uly tutumlara badalga

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Tä­ze ­ýy­lyň ­öňü­sy­ra­syn­da ­ge­çi­rilen Mi­nistr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ we ­Döw­let­ howpsuz­lyk­ ge­ňe­şi­niň­ gi­ňiş­le­ýin­  mej­li­sin­de­  2025-­nji­ ýy­...

07 Ýan
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...

30 Dek
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...

26 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...