TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Ýan

Halkymyzyň milli buýsanjy dünýäde dabaralanýar

Mälim bolşy ýaly, 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ol ýerde geçiren iş maslahatynyň dowamynda Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. Has takygy, şu ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionaty geçirildi. Ýaryşyň şertine görä, ýeňijiler arassaganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça eminler tarapyndan saýlandylar. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa Federasiýasy boýunça 200-e golaý it gatnaşdy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» atly ýaryşda, eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp bolup, Akdost atly türkmen alabaýy çempion boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Akdost atly türkmen alabaýy 2021-nji ýylda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýydyr.

Russiýanyň Kinologiýa federasiýasy 1991-nji ýylda döredilip, Halkara kinologiýa federasiýasynda Russiýanyň ýeke-täk resmi wekili bolup durýar. Ol Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigidir. Häzirki döwürde Russiýanyň kinologiýa federasiýasy Russiýanyň iň iri itşynaslyk guramasy bolup durýar. Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň tohum kitabynda takmynan 5,5 million it, 1427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli sebitinden 22358-e golaý it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiz tarapyndan, milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de ony dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramyny dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Alabaýlar, ahalteke bedewleri hem ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýär. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biri hökmünde ykrar edildi.

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...