M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, sebitiň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Duşuşyga gatnaşanlar dalaşgäriň zähmet ýoly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. J.Annaýewiň ynanylan wekili ony halk içinde uly abraýdan peýdalanýan, jogapkärçilikli we ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi söz aldy. J.Annaýew ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy bölümleri barada gürrüň berdi. Bu maksatnama laýyklykda ol halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, döwletimiziň ykdysady, syýasy we durmuş esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ugry dowam eder.
Dalaşgäriň aýtmagyna görä, ol döwlet Baştutanlygyna saýlanan halatynda, döwletimiziň parahatçylykly ýol bilen ösüşine we ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň geçirilmegine birinji nobatda üns berler. Dalaşgäriň çykyşynda milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem batly depginlerde ösüşini, ilkinji nobatda bolsa, nebitgaz we energetika pudaklaryny, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, eksport kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ähli ulgamlara täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çärelere aýratyn üns berildi.
Obasenagat toplumyndaky özgertmeler barada aýdyp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin amala aşyrmagy göz öňünde tutýan çäreleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Dalaşgär azyk garaşsyzlygyny ýerli önümçiligi giňeltmegiň hasabyna üpjün edilmegini hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň önümçilik kuwwatlylygyny toplumlaýyn özgertmek we döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň dörediljekdigi nygtaldy. Dalaşgäriň pikirine görä, pagtaçylyk bilen meşgullanýan etraplaryň ilaty üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, kuwwatlylygy ýerlerde öndürilýän pagta süýüminiň mukdaryna laýyk gelýän pagta egriji fabrikleri gurmak maksada laýyk boljak. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagatyny ösdürmegiň, içerki we daşarky bazarlarda satmak üçin taýýar dokma önümleriniň mukdaryny artdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
J.Annaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, maksatnamasynyň ýangyç-energetika toplumynyň, ulag, durmuş ulgamynyň ösüşi boýunça meýilnamalarynyň käbir düzgünlerini düşündirdi.
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär ýygnananlara hoşallyk sözlerini aýdyp, saýlawçylary ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...