Serdar etrabynyň merkezinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, sebitiň edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlara M.Gurbanowyň terjimehalyndaky esasy döwürler barada gürrüň berip, onuň oba hojalyk ulgamynda uly iş tejribesini, ýokary hünär ussatlygyny we jogapkärçiligini, Watanymyzyň bähbitlerine gulluk etmäge bolan islegini belledi.
Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. M.Gurbanow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Watanymyzyň çalt ösýän döwletleriň biridigini hem-de häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň täzeçillik esasynda mundan beýläk hem sazlaşykly ösüşini gazanmagyň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Häzirki we geljekki giň göwrümli özgertmeleriň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi üpjün edýär.
Dalaşgär ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk hem-de demokratik esaslaryny pugtalandyrmagy, daşary syýasatda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipelerini belledi.
Oba hojalyk ulgamynda döwlet syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, daýhan birleşiklerini hemmetaraplaýyn goldamagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, daýhan birleşiklerini tehniki taýdan doly enjamlaşdyrmaga hem-de obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, taýýar azyk harytlarynyň önümçiligi üçin oba firmalaryny we kombinatlaryny döretmäge gönükdiriler.
Dalaşgäriň belleýşi ýaly, bilim ulgamy ýurdumyzyň geljegini jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini kesgitleýän iň esasy şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem bu ulgamy dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi hem-de gözýetiminiň giňelmegi üçin şertleri döretmek möhümdir.
Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda M.Gurbanow duşuşyga gatnaşanlaryň sowallaryna jogap berdi hem-de saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň saglygy goraýyş ulgamyny, köpçülikleýin sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, medeniýeti, şypahana-dynç alyş düzümini, ulag ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek, welaýatlarda, şäherlerde hem-de etraplarda ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygy boýunça meýilnamalara degişli bölümlerini düşündirdi.
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...