TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Ýan

Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär—Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar teklipçi raýatlar topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň zähmet ýoly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. S.Jelilowyň ynanylan wekili dalaşgäre abraýly, ak ýürekli hem-de bilimli, oňat guramaçylyk ukyby bolan adam hökmünde häsiýetnama berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. S.Jelilow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy bölümlerini beýan edip, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylan halatynda durmuş maksatly syýasaty yzygiderli dowam etdirjekdigini, Watana hem-de türkmen halkyna janyny gaýgyrman gulluk etjekdigini belledi. Dalaşgäriň aýdyşy ýaly, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmak, çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak, hususy telekeçilige we işewürlige goldaw bermek, daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, raýatlaryň durmuş taýdan goragy ýaly meseleler üns merkezinde bolar.

Dalaşgär ýurdumyzda abadançylygy we durnuklylygy saklamaga, obalaryň hem-de şäherleriň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär daşary syýasatda Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen hereket etjekdigini nygtady.

S.Jelilow saýlawçylaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli sowallaryna jogap berip, ýaşlaryň watançylyk terbiýesi, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglylykda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýaş nesli döwlet gurluşy ulgamyna has giňden çekmek meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda, milli medeniýeti we halk döredijiligini ösdürmekde işleriň ýagdaýy barada aýratyn gürrüň edildi.

S.Jelilow duşuşygyň ahyrynda ýygnananlara üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin öz gujur-gaýratyny, tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...