Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy.
Dalaşgäriň ynanylan wekili J.Annaýewiň zähmet terjimehaly bilen tanyşdyryp, ony jogapkär, tejribeli ýolbaşçy, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmek barada tagalla edýän adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra ýokary döwlet wezipeli dalaşgäre söz berildi. J.Annaýew üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi. Dalaşgär maksatnamanyň esasy ugurlary barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan halatynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasyna eýerjekdigini nygtady. Döwletimiziň demokratik hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, milletiň ruhy-ahlyk gymmatlyklaryny artdyrmak ugry yzygiderli dowam etdiriler.
Özara gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň barşynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Şol sowallaryň köpüsi oba hojalygyny özgertmek meselesi bilen bagly boldy. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berler. Hususan-da, ýerleri öz wagtynda hem-de ýokary hilli sürmek, suwaryş akabalaryny arassalamak, ekerançylary ýeterlik möçberde mineral dökünler hem-de tohumlar bilen üpjün etmek meselelerine üns berler. Şeýle hem ýerden netijeli peýdalanmaga hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, daýhanlaryň öz zähmetine gyzyklanmasyny höweslendirmäge gönükdirilden çäreler möhüm hasaplanylýar. Şunuň bilen birlikde, dalaşgär agrar ylmy ösdürmegiň we bu möhüm ulgamda işleýän alymlara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyny aýtdy.
J.Annaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlarynyň öňýanyndaky maksatnamasynyň aýry-aýry ugurlaryny, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny hem-de ulag ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bilim, saglygy goraýyş, pensiýa üpjünçiligi ulgamlarynda özgeprtmeleri amala aşyrmak hem-de hususy telekeçiligi ösdürmek babatdaky ugurlaryny anyklaşdyrdy.
Duşuşygyň barşynda saýlawçylary ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümçilige iň täze ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak ýaly meseleler hem gyzyklandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hoşniýetli duşuşugy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, saýlawçylary eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösdürmek üçin güýç –gaýratyny gaýgrymajakdygyna ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...