TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

03 Okt

2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Munuň özi Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan daşary syýasy ugrunyň dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän berkarar Watanymyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde dünýäde asudalygy gorap saklamakda, daşky gurşawy goramakda, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmekde halkara giňişliginde taryhy ähmiýetli ynsanperwer syýasy başlangyçlary ynamly öňe sürýär.

Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan halkara işiniň üstünliklere beslenmeginiň kepili bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

05 Okt
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyň düzümine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça...

05 Okt
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini ge...

05 Okt
Üçünji umumymilli forum

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriler 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde horma...

29 Maý
Türkmen halysynyň baýramy

Türkmen halysy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungaty saýylýar.  Bu  sungat nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýe...

06 Apr
Bütindünýä saglyk güni

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňl...

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...