TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

22 Noý

Täze döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary: jemler, sanlar

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, kanuna we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplandy.

2014-nji ýylda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, olar täzeden döredildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, uçastok saýlaw toparlaryny döretmek boýunça degişli işleri guramaçylykly amala aşyrmak üçin, Merkezi Saýlaw topary tarapyndan  2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda  çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.

Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilner. Uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr. 

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň-Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginin, Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi. 

Has takygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan  4831;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 367; 

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 1451;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 4625;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 2981;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 1808;

Raýatlaryň toparlaryndan 1523.

Häzirki güne çenli ýurdumyzyň çäginde saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi sany 2568. Şol uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 17586 sany wekil agzalyga hödürlendi. Şol sanda:

Ahal welaýatynda 364 saýlaw uçastogyna 2169 agza;

Balkan welaýatynda 272 saýlaw uçastogyna 1578 agza;

Daşoguz welaýatynda 523 saýlaw uçastogyna 3232 agza;

Lebap welaýatynda 559 saýlaw uçastogyna 3657 agza;

Mary welaýatynda 548 saýlaw uçastogyna 4125 agza;

Aşgabat şäherinde 302 saýlaw uçastogyna 2825 agza.

Saýlaw uçastoklarynyň köpüsi bilim edaralarynyň we beýleki edara-kärhanalaryň  binalarynda ýerleşýär. Has takygy:

Ýokary okuw jaýlarynda 17 saýlaw uçastogy 181 agza;

Ýörite orta, hünärment mekdeplerinde 39 saýlaw uçastogy 361 agza;

Orta mekdeplerde 1499 saýlaw uçastogy 10691 agza;

Çagalar baglarynda 213 saýlaw uçastogy 1572 agza;

Medeniýet edaralarynda 175 saýlaw uçastogy 1148 agza;

Saglygy goraýyş edaralarynda 64 saýlaw uçastogy 449 agza;

Geňeşleriň edaralarynda 90 saýlaw uçastogy 526 agza;

Beýleki edara-kärhanalarda 471 saýlaw uçastogy 2658 agza.

Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 43,45 %  zenanlardyr. Bilimi boýunça 52,05 % ýokary, 31,13 % ýörite orta, 16,82 % orta bilimli adamlardyr. Şeýle hem agzalaryň 75,53 % göteriminiň ýaşynyň 30-dan 50-ä çenlidigini bellemek ýerliklidir, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze nesliň goşulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Täze saýlanylan agzalaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň senagat, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat, durmuş üpjünçiligi, maliýe we ykdysadyýet pudaklarynda zähmet çekýän işbaşarjaň, guramaçy hünärmenler we oba hojalyk işgärleri bar. Şolaryň 60 % gowragy ylym, bilim ulgamynda işleýän raýatlarymyzdyr. Şeýle hem ýurdumyzda agzybir ýaşaýan, dürli milletleriň, has takygy: türkmen, azerbaýjan, buluç, başgyr, ermeni, pars, gazak, garagalpak, koreý, özbek, rus, tatar milletleriniň wekilleri hem bar. Bu bolsa olaryň öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek saýlawlara işjeň gatnaşjakdyklaryny aňladýar.

Ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara ölçeglerine laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler hem-de bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

06 Apr
Bütindünýä saglyk güni

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňl...

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...

24 Few
Hoş habar

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza...

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...