TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

17 Few

Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

"Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Watany!" diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň  saýlawlaryna  guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek işleri şu günler giň gerim bilen dowam edýär.  Bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek hukugyna eýe bolan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary öz mejlislerinde mynasyp dalaşgärleri hödürleýärler. 

Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar, raýatlar toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyndaky wekilleriniň üsti bilen hödürläp bilýärler.

Mejlislerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň  agzalygyna  dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy bellärliklidir.

Geçirilýän mejlislerde çykyş edenler dalaşgärlige hödürlenilýäniň ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, mejlisleriň dowamynda dalaşgärleriň çäklendirilmedik sanynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu saýlawlaryň Türkmenistanyň Konsti­tusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsleşlik şertlerinde açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçjekdigini aňladýar.

Häzirki güne çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň jemi 75 hödürlenildi. Şolardan: Ahal welaýat boýunça 15, Balkan welaýat boýunça 15, Daşoguz welaýat boýunça 7, Lebap welaýaty boýunça 15, Mary welaýaty boýunça 12, Aşgabat şäheri boýunça 11 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanyar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

08 Mart
Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6 belgili 50-nji maddasyna laýyklykda, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri...

01 Mart
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň-ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren pähim-parasatly tabşyryklaryndan ugur alyp, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkme...

22 Few
Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler...

17 Few
Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

"Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Watany!" diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalar...

08 Few
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerin...

06 Few
Okuw maslahatlary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri...

27 Ýan
Milli synçylar bellige alyndy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde milli s...

07 Ýan
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň geçen ýylyň 28-nji noýabrynda geçiren mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Ge...