TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

13 Ýan

Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk geçirildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga sebitiň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. 

Bu ýere ýygnananlara ýokary döwlet wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen hem-de daýhan birleşiginiň işgäri bolmakdan welaýatyň häkiminiň orunbasary derejesine çenli ýoly geçen dalaşgäriň terjimehaly giňişleýin beýan edildi. Dalaşgäriň ynanylan wekili geljekki ösüşler barada pikirlenişi hem-de jogapkärçilikli raýat garaýşy, işgärleriň arasynda mynasyp abraýdan peýdalanýan dalaşgäriň hormat goýulýan şahsy häsiýetleri bolan J.Annaýewiň guramaçylyk ukyplaryny we hünär ussatlygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berdi. 

D.Annaýew häzirki duşuşyga gyzyklanma bildirilendigi üçin, bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, halkyň hem-de taryh üçin örän gysga döwrüň içinde özbaşdak ösüşiň 25 ýyllyk ýolunda dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýelän Garaşsyz Watanymyzyň öňündäki örän uly jogapkärçilige doly akyl ýetirýändigini belledi. Dalaşgär bu gün Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýeti we baý medeniýeti bolan parahatçylyk döredijilik merkez hökmünde giňden ykrar edilendigini aýdyp, jebislige, güýç-kuwwata we halkyň parasadyna, döwlet dolandyryşynyň toplanan tejribesine daýanyp, täze taryhy eýýamyň beýik maksatlaryna pugta eýerjekdigini nygtady. 

Dalaşgär Watanymyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly halkara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de giňeltmäge, yzygiderli ykdysady ösüşlere we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy bölümlerini jikme-jik beýan edip, ilkinji nobatda, döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklary bolan nebitgaz, energetika, himiýa, oba hojalygy pudaklarynyň ösdürilmegine ünsi jemledi. Möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegi şol ulgamlaryň kuwwatyna baglydyr. 

Duşuşygyň barşynda J.Annaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Bu ýere ýygnananlary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi, ylmyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýilleşdirilýän maksatnamalar we çäreler, iş bilen üpjünçilik hem-de täze iş ýerleriniň döredilmegi ýaly meseleler gyzyklandyrdy. Ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berildi. 

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns berendikleri üçin saýlawçylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ähli tagallasyny hem-de tejribesini mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.

06 Apr
Bütindünýä saglyk güni

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňl...

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...

24 Few
Hoş habar

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza...

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...