TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

02 Few

Dalaşgär Serdar Jelilow paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-- Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem duşuşyga Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna geldiler.

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary S.Jelilow bilen tanyşdyryp, onuň zähmet ýolunyň esasy döwürleri barada gürrüň berdi. Şunda ol dalaşgäriň uly önümçilik tejribesine, ýokary ussatlyga we jogapkärçilige eýe bolup, halkyň hem-de Watanyň bähbidine hyzmat etmäge çalyşýandygyny, milli däp-dessurlarymyza ygrarlydygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol maksatnamasynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamak, şäherlerimizi we obalarymyzy abadanlaşdyrmak ýaly wezipeler bar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär daşary syýasatda dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge tarap ugra üýtgewsiz eýermegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý ýurtdur. Häzirki wagtda döwletimiz iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun eýeläp, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasynda bu ulgamda öz strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar, nebit-gazly ýataklary özleşdirmek we gurmak boýunça işleri yzygiderli geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny döretmek esasy wezipe bolup durýar. Biziň baş maksadymyz mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbidine milli baýlyklary rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr.

Dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylar bilen söhbetdeşligiň barşynda dünýä giňişliginde döwletimiziň eýeleýän ornuny berkitmek nukdaýnazaryndan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmek babatda garaýşyny beýan etdi.

S.Jelilow obasenagat toplumyndaky özgertmeler barada durup geçmek bilen, bu pudagy ösdürmegiň geljegi bilen bagly garaýşyny beýan etdi. Dalaşgäriň pikirine görä, azyk garaşsyzlygyny oba zähmetkeşlerine uly möçberde maliýe goldawyny bermegiň hasabyna berkitmek möhümdir. Şol serişdeler obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, oba zähmetkeşlerini mineral dökünleri bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmäge, gaýtadan işleýän kärhanalary artdyrmaga gönükdirilýär.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär duşuşygyň ahyrynda ýygnananlara mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda halkyň ýokary ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...